Aragatnaşygyň ösmegi bilen, islendik maglumaty, habary ýyldyrym çaltlygynda dünýäniň haýsydyr bir künjegine, hatda kosmos giňişligindäki gämilere we beýleki enjamlara ibermäge mümkinçilik döredi. Bu ýagdaý ykdysady babatda önümçilik, harytlar we hyzmatlar ulgamyna öz täsirini ýetiren bolsa, gündelik durmuşda adamlaryň endiklerini hem üýtgetdi.
Ispaniýanyň Barselona şäherinde oýnalyp duran futbol duşuşygyna, Los-Anjelesde geçirilýän aýdym-saz dabarasyna, Koreýa Respublikasynda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin ol ýerlere gitmegiň zerurlygy ýok. Şeýle wakalar göni ýaýlym arkaly dünýäniň ähli ýerindäki adamlara ýetirilýär. Beýleki milletleri, halklary we medeniýetleri has ýakyndan tanamaga mümkinçilik döredilmegi bilen barha globallaşýan dünýäde bolup geçýän täzelikler hem gyzgyny bilen köpçülige ýetirilýär. Munda telewizoryň, radionyň ýa-da gazetiň däl, eýsem internetiň hem uly täsiri bar. Ilki 1970-nji ýyllarda diňe ylmy işgärlere, soňra-da 1990-njy ýyllarda ähli halk köpçüligine elýeterli bolan tor maglumatlaryň ählisini bir ýere jemledi. Internet adamlaryň öz aralarynda habarlaşmak hem-de köpçülik üçin elýeterli bolan maglumatlary, şol sanda täzelikleri hödürlemek mümkinçiligini berýär. Aragatnaşygyň bu ulgamy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden hem-de aragatnaşyk serişdelerinden tapawutlylykda sesi, wideoýazgyny, suraty we haty ýaýratmak üçin şert döredýär. Şeýle bolansoň ilki bilen gazetler, soňra telewizordyr radiolar internetden işjeň peýdalanyp başlady.
1990-njy ýyllarda gazetleriň elektron görnüşlisiniň gaty az sanlysy peýda boldy. Belli gündelik gazetleriň köpüsi okyjylaryna 1995-nji ýyllarda onlaýn arkaly hödürlenip başlandy. Bu gazetleriň çap edilýän görnüşleri hem abunaçylara ýetirilip duruldy. Internetiň çalt ýaýramagy okyjylaryň isleglerine hem öz täsirini ýetirdi. Şeýlelikde, okyjylar täzeligi öwrenmek üçin ertirki gazetiň çykmagyna garaşman, internet arkaly bada-bat öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Internet tehnologiýasynyň ýaýbaňlanmagy, okyjylaryň täzeligi islendik wagtda okamak islegi,şeýle hem jemgyýetçilik torlarynyň ýaýramagy ýaly sebäpler gazetleriň elektron görnüşleriniň çykmagyna itergi berdi. 1995-nji ýylda ABŞ-nyň esasy dört gazeti (The WashingtonPost, New YorkTimes, Daily Mirror, Herald Tribune) çap edilmäge taýýar gazet sahypalaryny onlaýn görnüşde okyjylara ýetirmek maksady bilen bilelikdäki şereketi döredýärler.
Soňky ýyllarda gazetleriň birnäçesi internet saýtlaryndaky käbir makalalary diňe öz abunaçylaryna, ýagny kagyz görnüşindäki nusgasyna abuna ýazylanlara elýeterli edýär. Okyjylar köpçüligi habarlaryň köpüsini saýtlardan çäklendirmesiz okap bilýärler. Çap görnüşini dolulygyna ýatyran ilkinji gazetleriň biri Britaniýanyň “The Independent” gazeti boldy. 1986-njy ýylda döredilen neşir 2016-njy ýylda diňe internet arkaly ýaýradylyp başlandy. 1645-nji ýyldan bäri çykarylýan Şwesiýanyň “Post-och InrikesTidningar” gazeti 2007-nji ýyldan başlap internet arkaly hödürlenýär. Bu gazetiň az sanly nusgasy arhiw üçin çap edilýär. Şeýle-de, käbir hepdelik žurnallar onlaýn görnüşde çykarylýar. 1734-nji ýyldan bäri Londonda neşir edilýän “Lloyd’s List” žurnaly 2013-nji ýylda sanly ulgam arkaly ýaýradylyp başlandy. 2000-nji ýyllardan soňra bolsa, täzelikleri diňe internet arkaly hödürleýän neşirler peýda boldy. Elektron neşirler aýratynlykda mobil enjamlar üçin ýörite applikasiýa hem hödürleýärler. Bu programmalar smartfonlar we planşetler arkaly täzelikleri islendik ýerde okamaga mümkinçilik berýär.
Laçyn AKYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.