Soňky ýyllarda kofe sarp edijileriň sanynyň köpelýändigi hiç kim üçin geň ýagdaý däldir. Esasy reklamalarda-da kofe önümleri yzygiderli mahabatlandyrylýar.
Öňki döwürlerde kofe, köplenç, çalt oýanmak we rahatlanmak üçin öýde taýýarlanýarlanypdyr. Indi..? Kofe restoranlary her köçede açylyp, oňa uly isleg bildirilýär. Biz bu içgini irdenden agşama çenli kabul edýän wagtymyzam bolýar. Elbetde, kofeniň süýji tagamy işdäni güýçlendirýändigi ylmy taýdan subut edildi. Emma ABŞ-ly alymlar kofeniň adamyň saglygyna edýän täsirini öwrenenlerinde, hepdede 28 käse kofe (günde 4 käse) içýän erkekleriň arasynda ölümiň köpelendigini tassykladylar. Bu hadysanyň ýaşa baglylygy barlananda, netijeler hasam geň galdyrdy. 55 ýaşa çenli erkekleriň arasynda ölümiň 56 göterim, aýallaryň arasynda ölümiň iki esse ýokarydygy kesgitlendi. Eger şu döwri geçmegi başarsalar, 55 ýaşyndan soň kofäniň zyýansyzdygy anyklandy.
Muňa nädip düşünip bolar? Galyberse-de, geçmişde kofeniň peýdalary hakda köp maglumatlar bardy. Kofe diňe garrylar üçin zyýanly hasaplanýar, sebäbi gan basyşyny ýokarlandyrýar we ýürek bilen bagly meseleleri döredýär diýip bilinýärdi. Geçirilen gözlegler, kofeniň 55 ýaşa çenli adamlar üçin zyýanlydygyny görkezipdi. Ýokarky netijelere üns berilmese-de bolar. Sebäbi amerikan alymlary 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 44 000-e golaý erkek we zenanlarda synag geçirilse-de hiç hili zyýanly zat tapmadylar.
Görnüşi ýaly, adamlar kofe içmek babatda deňeşdirilende iki topara bölünýärler. Kofe birinji topar üçin erbet bolsa, ikinji topar üçin gowy. Şonuň üçin garrylyk döwründe-de arkaýyn kofe içip bilýärler. Gözlegçiler kofeniň käbir adamlara edýän täsirini genetiki çökgünlik, kofedäki beýleki maddalaryň siňdirilmezligi we metabolik bozulmalar bilen baglanyşdyrýarlar.
Kofede peýdaly elementler hem bar. Mysal üçin, hlorogen kislotasy gan damarlaryny goraýan we düwnük keseliniň öňüni alýan güýçli antioksidantdyr. Ýöne gan basyşyny ýokarlandyrýan, ýürek urmasyny çaltlaşdyrýan, aşgazandaky kislotanyň mukdaryny ýokarlandyrýan kofein ýaly zyýanly elementler hem bar, kofede damar aterosklerozy ýaly keselleri döredip biljek kanserogenler hem bar eken.
Gysgaça aýdylanda, kofe peýdaly we zyýanly maddalary birleşdirýän içgidir, haýsy tarapyň ölüme sebäp bolup biljekdigini çuňňur öwrenmegi talap edýär. Kofeden düýbünden ýüz öwürmek islemeýäris, ýöne az içmek has gowudyr diýip netije gelip bileris.
Jemal AŞYROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.