
Ilatyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanýar. Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy. Çünki sagdyn jemgyýet kuwwatly döwleti emele getirýär, ynsan saglygy ýurt baýlygyna deňelýän Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri öňe sürülýär. Öz saglygyny goramak her bir ynsanyň borjudyr. Onuň üçin zyýanly endiklerden daşda durmaly.
Zyýanly endikleriň adamlaryň nesline, ruhuna ýaramaz täsirleriniň bardygy bellidir. Çilimkeşlik şol zyýanly endikleriň howplusydyr. Temmäki önümi bolan çilimiň düzüminde adam saglygyna zyýanly sinil kislotasy, azot oksidi, myşýak, nikotin bar. Çilimiň tüssesinde dört müň himiki birleşme bolup, olaryň kyrkysy has howpludyr. Ol adamyň iýmit siňdiriş, dem alyş, gan aýlanyş ulgamynda ölüm howply keselleriň döremegine getirýär. Çilim adamlarda öýken keselleriniň, bronhitiň, ýürek keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Çilim adam bedeniniň güýjüni peseldýär. Temmäki tüssesindäki himiki maddalaryň bedene iň güýçli täsir edýäni nikotin turşusydyr. Onuň 100-120 milli gramy gana goşulanda, ölüm howpuny döredip bilýär. Ol adamyň kelle-beýnisiniň, içki mäzleriniň işjeňligini peseldýär. Ýaş nesliň akyl we beden taýdan yza galmagyna getirýär. Çilimi yzygiderli çekmek öýkende çiş keseliniň döremegine sebäp bolýar. Sagdyn durmuş aýdyň geljekdir. Halal zähmet çekip, halallyga uýýan halkymyz zyýanly endikleri mydama ýazgaryp gelýär, adamzada tebigatyň eçilen saglygyny goramagy ündeýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde alnyp barylýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde biziň ýurdumyzyň goşýan goşandy bellenilmäge mynasypdyr. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini gazanmak bilen ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýändigi ýokardaky aýdanlarymyzyň doly güwäsidir.
Erkin HEZRETOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Farap etrap Geňeşiniň başlygy.