Dünýä belli meşhur fizik alymy Albert Eýnşteýniň (1879–1955) mekdepde okaýan döwründe derslerine ýetişigi örän pes bolýar. Okaýan mekdebiniň müdiri Eýnşteýniň bilim öwrenmäge hiç hili ukybynyň ýokdugyny, şeýle hem bahalarynyň çenden aşa pesdigini göz öňünde tutup, onuň ata-enesine ogluny mekdepden alyp gitmeklerini tabşyrýar. Maslahat hökmünde bolsa, oňa ýeňiljek iş tapyp berip, şol ýerde işletmekligiň has ýerlikli boljakdygyny belleýär. Emma ejesi ogly Albertiň beýle kütekdigine ynanmaýar. Şonuň üçin ol ogluna skripka satyn alyp berýär. Sazçylyk sungaty we skripka Albert Eýnşteýniň häzirki döwürde adamzat durmuşyna özüniň ägirt uly açyşlary bilen goşant goşan meşhur fizik bolmagyna ýardam edýär. Saz onuň zehinini açýar. Munuň şeýledigini onuň özi hem doly tassyklaýar. Albert Eýnşteýn esasan hem Wolfgang Amadeus Mosartyň sazlaryny köp diňleýär we çalýar. G.J.Witrow dosty Albert bilen kyn meseleleriň üstünde duranlarynda onuň bir salymlyk skripkasynda saz çalýandygyny ýatlap geçýär.
Saz ähli duýgularyň başlangyjydyr. Ol ynsanyň ruhy ahwalyna özüniň täsirini ýetirip bilýär. Sazyň ritmi bolsa onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsan bedeni sazyň ritmine iki hili duýgurlyk görkezýär. Olaryň birinjisi ritmi eşitmek, ikinjisi bolsa şoňa laýyk hereket etmek bolup durýar. Çünki ynsan bedeninde hem özboluşly ritm bardyr. Muňa mysal edip ýürek urşunyň ritmini görkezmek bolar. Ritm fiziki hereketleriň sazlaşygyny üpjün edýär. Esasan hem ritmi haýal bolan klassik sazlar bedeniň rahatlamagyna, metabolizmik täsirleşmeleriň kadalaşmagyna, dem alyş tizliginiň norma laýyk gelmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.
1993-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda ABŞ-nyň “USA today” atly gazetinde çap edilen “Mosartyň sazlary zehini ýiteldýär” diýen makala bu ugurda bütin dünýäde örän uly gyzyklanma döredýär. Habar berilmegine görä, Kaliforniýa uniwersitetiniň Newrobiologiýa merkeziniň geçiren ylmy-barlaglaryna laýyklykda käbir sazlaryň adamyň zehinini ýiteldýändigini, ýatkeşligini artdyrýandygyny ylmy taýdan tassyklanylýar.
Häzirki wagtda dünýäniň alym newrologlarynyň we psihologlarynyň aglabasy minutda 60 taktlyk ritmdäki sazlaryň ynsan beýnisiniň gowy işlemegine itergi berýändigini öňe sürýärler. Saz beýniniň sag we çep ýarym şarlarynyň ikisiniň hem doly işlemegine ýardam berip, pikirlenmek, akyl ýetirmek ýaly ukyplary artdyrýar. Ritminiň tizligi minutda 60 takt bolan sazlar diňlenileninde beýniniň işleýiş kuwwatlylygynyň öňküsinden 5 esse ýokarlanýandygy tassyklanylýar. Meşhur bolgar psihology George Lozanow özüniň işläp taýýarlan öwreniş ulgamynyň üsti bilen ritmi 60 taktdan ybarat klassik sazlar arkaly daşary ýurt dilini çuňňur öwrenmegiň mümkindigini aýdýar. Bu ulgam arkaly okuw ýylynyň dowamynda öwreniljek daşary ýurt sözleriniň ählisiniň bir günde öwrenilip bolýandygyny öňe sürýär. Ol dersiň dowamynda okuwçylaryna pessaý sesde klassik sazlary diňledýär. Öz okuwçylary bilen geçiren bu barlaglarynyň netijesinde ýetişigiň 92% bolandygy tassyklanylýar. Lozanow klassik sazlary diňläp öwrenilen maglumatlaryň 85–100%-niň dört ýyldan gowrak wagt geçeninden soňra hem ýatda galýandygyna güwä geçýär.
ABŞ-nyň Demirgazyk Teksas uniwersitetinde geçirilen barlaglaryň netijesine ser salsak, sazyň bilim öwrenmekde nähili möhüm ähmiýete eýedigine göz ýetirmek bolýar. Uniwersitetiň talyplaryny üç topara bölýärler. Üç toparyň üçüsinde hem bir meňzeş sorag testini geçirýärler. Emma birinji topara test soraglaryny çözýän wagtlary Mosartyň sazlaryndan birini diňledýärler. Seljermede birinji toparyň görkezen netijesi ikinji we üçünji toparlaryňkydan has gowy bolýar. Barlag iki-üç gezek gaýtalanyp geçirilýär we olaryň ählisinde hem saz diňläp soraglara jogap berýän toparyň gowy netijeler görkezýändigine şaýatlyk edilýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda dünýäde ýörite saz terapiýalarynyň, ýagny sazyň üsti bilen keseli bejermek ýaly usullaryň giňden ulanylýandygy hemmä mälimdir.
Eýsem, ähli žanrdaky sazlary diňlemeklik peýdalymy?! Sazyň adama peýdasy bolup bilşi ýaly, käbir sazlaryň adamyň ruhy dünýäsine, eşidiş ulgamyna zyýany hem bardyr. Mysal üçin çalt ritmdäki rok, jazz žanrly sazlaryň hatda haýwanlara we ekinlere hem zyýanynyň bardygyny ylym doly tassyklaýar. Şonuň üçin hem sazy pessaý sesde diňlemeli, onuň biziň ruhy dünýämize ýakynlygyna üns bermeli we diňleniljek saz saýlap seçilmelidir.
Saz çalmak bilen meşgullanýan okuwçylaryň derslerine ýetişigi gowy bolýar. Hatda beýlekilerden tapawutlanýan ýagdaýlary hem az bolmaýar. ABŞ-nyň iň gowy üç mekdebinde saz derslerine örän ähmiýet berilýär. Wengeriýa, Ýaponiýa, Gollandiýa ýaly ýurtlaryň ählisiniň bilim ulgamynda saza aýratyn çemeleşilýär. Çünki sazdan baş çykarýan ýaşlaryň pikirleniş, akyl ýetiriş ukyplary hem tapawutly bolýar. Olarda aýratyn üşüklilik kemala gelýär.
Leýli GURBANGELDIÝEWA,
Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Ajaýyp