Öl saç bilen ýatmak, hakykatdanam, köp keselleriň döremegine getirýär. Ýatmazdan ozal suwa düşmek ukynyň hilini ýokarlandyrsa, emma çygly saç bilen uklamak, myşsalaryň dartylmagyny peseldýär, immun ulgamyna we myşsalara ýaramaz täsir edýär. Şonuň üçin guramadyk saç bilen uklamagyň zyýany barada käbir maglumatlary siziň bilen paýlaşmagy makul bildik.
Saçlary guratmak, köplenç, agyr iş hökmünde görülse-de, ýeterlik derejede guradylmalydyr we saglyk meselelerine garşy çäreler görülmelidir:
Öl saç bilen ýatmak, ilki bilen, myşsalarymyzda agyry döredýär. Sebäbi guramadyk saç gan aýlanyşyna täsir edýär we bedeniň temperaturasyny üýtgedýär. Myşsanyň dartylmagyny we spazmyny ýokarlandyrýan bu ýagdaý sebäpli saçlary guratmak möhüm hasaplanýar.
Bedeniň temperaturasynyň üýtgemegi sowuklama sebäp bolup biler. Allergiýany döredýän öl saç, bedeniň gorag mehanizmini gowşadýar. Netijede, bakteriýalary we wiruslary işjeňleşdirýär, adamlara bu ýagdaý çalt täsir edýär.
Çygly saç bilen uklamak deride gijilewigiñ döremegine sebäp bolýar. Gijilewik çişmegi we gyjyndyrmany hem çagyrýar. Şonuň üçin hemişe ýatmazdan ozal, saçyňyzy ýeterlik derejede guratmak maslahat berilýär.
Zenanlar, adatça, saçlaryny guratman, uklamagy gowy görýärler. Şeýle-de bolsa, çyglylygyň uzak wagtlap saklanmagyna sebäp bolýan bu ýagdaý, kelläniň gan aýlanyşyna täsir edýär. Saçyñ döwülmegine sebäp bolýar.
Ýatmazdan ozal saçlarymyzy guratmak örän möhümdir!
Ýazgül ÇARYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalar fakultetiniň talyby.