
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň düzümine girýän daşary ýurt dillerindäki edebiýat bölüminiň gaznasynyň üsti iňlis dilinde terjime edilen Diýarymyzyň kitap önümleriniň neşirleri bilen ýetirildi, diýip, «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Täze edebiýatlaryň hatarynda Arkadagymyzyň işleri – «The Bright Path to Prosperity», «Medicinal Plants of Turkmenistan XIII volume», «The 15th summit of the economic cooperation organization» diýen neşir hem-de «Interviews given by the President of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov» to the international mass media» atly çykyşlaryň ýygyndysy bar.
Şeýle hem häzirki wagt kitaphananyň daşary ýurt bölüminde türk dilindäki kitaplaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şol kitaplar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sowgat berildi.
«TürkmenGazet».