Sagdyn durmuşSlider

Çaga içgeçmesi: sebäpleri, öňüni almagyň we bejermegiň ýollary

11-04-2022 / 5902

Şu günler howanyň üýtgemegi ýaly hadysalar köp bolýar. Şeýle ýagdaýda,  köplenç, duş gelýän keselleriň biri-de içgeçmedir. Bu kesel aýratyn hem kiçi ýaşly (3 ýaşa çenli) çagalarda ýygy duşýar hem-de howply hasaplanýar.

Çagalaryň nädogry iýmitlendirilmegi keseliň ýüze çykmagyna getirýär. Içgeçmäni döredýän  mikroblar, bakteriýalar, wiruslar, esasan, suwda, et we  süýt, miwe ýaly azyk önümlerinde ýaşaýar hem köpelýär. Olar az sanly bolsa-da, bedene düşende (hapa oýnawaçlar, suwuň gaýnadylman içilmegi, gök önümleriň ýuwulman iýilmegi) kesel döredip bilýär. Mundan başga-da, ene süýdi bilen ýaňy doglan çaga iýmitlenmese, onda içgeçmä tiz ýolugýar.

Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar içgeçme örän az duçar bolýar, çünki ene süýdüniň düzümindäki maddalar bedeniň kesele garşylygyny has ýokarlandyrýar. Şol sebäpli hem ene süýdi bilen çagany iýmitlendirmek örän zerurdyr.

Çagalarda içgeçme içegeleriň özleşdiriji we sorujy funksiýalarynyň bozulmalarynyň  netijesinde döreýär. Mundan başga-da çagada ýürek bulanma, yzygider gaýtarma, gyzgynyň ýokarlanmagy hem-de işdäniň peselmegi ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Bu alamatlaryň netijesinde çaganyň endamynyň suwy gidýär we ysgyndan gaçmaga getirýär. Içgeçmäniň ilkinji alamatlary duýlan badyna, maşgala lukmanyna gyssagly ýüz tutmaly. Lukmanyň maslahatyna çenli bolsa, çaga çaý, gaýnadylan suwuklygy, regidron erginini ýygy-ýygydan içirmeli.

Çaga kesellän gününden işdäsiniň peselýändigi sebäpli onuň agramy ýeňleýär. Şonuň üçin hem ony günüň dowamynda ýygy-ýygydan iýmitlendirmeli, ýumşak, üwelen, işdä ýakyn iýmitleri bermeli.

Näsagy beýleki çagalardan aýry otagda saklamaly we ulanýan zatlary aýratyn bolmaly. Maşgalada arassaçylyk düzgünleri gyşarnyksyz berjaý edilmeli. Bu gigiýeniki düzgünleri berjaý etmek, körpejäniň keselden saplanmagyna ýardam eder.

Güljemile AGAMÄMMEDOWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň neanatolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu