Saglygy satyn alyp bolmaýar, onuň bilen diňe töleg edip bolýar.
***
Saglygyň iň uly eşreti dünýäden lezzet alyp bilmekde.
***
Ähli sagdyn adamlar durmuşy söýýändirler.
***
Umyt iň uly lukmandyr.
***
Lukman keseli bejerýär, saglygy bolsa özüň gazanmaly.
***
Saglyk — hiliň hem-de mukdaryň sazlaşykly deň agramlylygy.
***
Sagalmagyň wajyp şertleriniň biri-de sagdynlyga ymtylmakdyr.
***
Saglyk — hemme zat däl, ýöne hemme zat saglyksyz hiç zatdyr.
***
Dynç almaga wagt tapmaýan adam irde-giçde saglygyny bejermäge wagt tapmaly bolar.
***
Bagt — bu gowy saglyk bilen gowşak ýatkeşlikdir.
Toplan: Guldurdy ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň başlygy.