Köp wagtlap söýgüsiz ýaşadym. Tüýsümiň şu hala öwrülmegi, güýz paslynyň ýa-da ýagynly howanyň başlamagy zerarly däldi. Bar bolan zat, köneden galan bir yşk heserinden saplanyp bilemokdym, täzesine-de uçramokdym. Söýgi meniň üçin köne endikdi. Bir mahallar, „ Adam söýgüsiz nädip ýaşap bilýärkä? Söýgüsiz näme işlär, näme edip näme goýýarka?“ diýip öz-özüme kän sorapdym. Megerem, beýle adam şäheriň uçgyraksyz köçelerinde, kölegesini yzyna tirkäp sölp-sölp ygyp ýörýän däldir. Söýgüsiz ýaşaýan ol adam megerem, Ungapany köprüsinden ýük daşaýan gämileri synlamaz, seýilbaglarda-da kaňkap ýörmez. Ol etsem-goýsamyny bilýän, köçelerde hemişe germeçläp ýöreýän adamdyr. Beýle adamyň bar bileni-biteni diňe özi üçin ýaşamakdyr.
Köplenç tramwaý duralgasynda ýa-da ýoluň gyrasynda çilimimi otlajak bolanymda, nätanyş bir adamyň göze ilerine garaşyp durkam, ol – söýmeýän adamlar bilen gabatlaşýardym. Barysy ýüzüniň ganyny gaçyrşyp durlar. Gelýän tramwaýlara topulýarlar, adamlary itip-kakyp agzyna gelenini diýýärler. Ulaglar zyrmygyp geçip dur. Adamlar ylgaşlap barýan wagty men, ýylgyrmagy ýatdan çykaran, oýdyr-hyýallary garaňkyran, hakydalaryndan yşnakly haýsydyr bir ynsan ýüzüni tapyp bolmaýan, söýgüsiz ýaşaýan ol adamlar hakda oýlanardym. Çendan-ýarym, eli jübüsinde, maňlaýynyň epinlerinde aramlyk duýulýan janaýakyn bir adam bilen pete-pet gelýärin. Edil ýegre iki dost ýaly bolup biri-birimize seredişýäris. Ol adamy öňden bäri tanap ýören ýaly bolýaryn. Gülhana seýilbagynyň deňize seredýän oturgyçlarynyň birinde esli wagtlap iç döküşen adamym ýaly göýä. Aýlaň-çaýlaň edilýän ýerleri, derdiňi egsip boljak iň arzyly mekanlary, pikiriňi çuňlaşdyrýan uzyn, asuda ýodalary, hökman, olam bilýändir. Şol arada, binanyň penjeresinden çypar baş görünýär, bir balahanadan beýlekä bir aýal aldyran bar ýaly gygyrýar, edil ýanymdan bir ýigdekçe aýdyma hiňlenip geçip barýar. Köçäniň öwrülýän ýerine pugta seredýärin. Çilimimi pyzyp, bir-iki ädim ýörýärin. Kimdir biri egnimden kakyp geçýär, äwemok. Sebäbi söýgüden doludym. Dünýäde men ýalylaram bar eken. Şeýle adamlar ýerýüzüni gülletjek adamlardyr. Adamy söýýän, adamyň agysy-gülküsi, ýöreýşi bilen içgin gyzyklanýan ýer planetasynyň ýaşaýjylary, dünýäniň gowulyga tarap özgermegini hemişe-de isleýändir.
Şeýle hyýallar, esasan, agşam çaglary serime dolýar. Mekdepler boşap galýar, adamlaram işden gaýdyp gelýändir. Ine, şol wagtlar söýgüsiz hem-de söýgüden ýüregi doly adamlary biri-birinden saýgaryp bolýar. Adam köplenç aldanybam bilýär. Emma men aldanýandyryn öýdemok. Söýýän adam beýlekileri has oňat tanaýar. Hanha, öz ugruna ýöräp ýerden gözüni aýyrman barýan adam, söýgüden ýaňy gutulandyr. Şol, elindäki sumkasyny hallan atyp barýan gyz söýgiň nämedigini hem bilýän däldir. Gaýraky çaýhanada narda oýnap oturanlar bolsa, her gezek zar oklanlarynda şumbagtlykdan gaçjak bolýarlar, olaram söýgüden habarsyz.
Köçäniň öwrüminden aýallar çykýar, çagalar çykýar, söýmeýän adamlar çykýar, ol welin görünenok. Negada, egni ýaşyl paltoly görünäýmesi bardy. Golaýyma geleninde, içime sowuk suw dökülen ýaly bolardy. Bileje agaçlaryň saýasynda ýörärdik. Dymýardym, ol gürleýärdi. Birdenkä, asmanda bulutlar tüýdülip, çisňeýän ýagyşam diňýär-de lowlap gün çykýar. Bile atýan her ädimimizde gursagym ter duýgulardan dolýardy. Ulaglar ýene-de geçýärdi. Adamlar bize seredýärler, ilen-çalanlarym göz gyrpyp salam berýär. Ýöne, ýol welin her wagtkysyndan çensiz çalt soňlanýardy. Şeýle gysga wagtlyk dowam edýän pursatlarda, söýmän ýaşaýan ol adamlara newsim agyrardy. Gyş geçýär, ýazam gelýär. Paltolar taşlanýar. Köçä penjekli çykýardym. Gyzlar, aýallar hem-de ol, jorapsyz gezmeleýärdiler. Şemal hasam pessaý, hasam mylaýym öwüsmäge durýar. Gyzlaryň seredişi durlanýar. Onuňky bolsa ýitelip içimden geçip gelýär. Hemişe çalt gürlegendi. Ýanymda köne dostlaryny ýatlardy. Men bolsa zoraýakdan güljek bolardym.
Soň bolsa aýlar geçdi, pasyllar birnäçe gezek çalyşdy. Paltolar ýene gaýtadan geýildi. Ýene-de taşlandy. Şeýle bir gün geldi welin, asman maňa has garaňky, ýagyş has ýüregedüşgüç, köçeler manysyz bolup görnüp başlady. Köçeleriň öwrümleri maňa hiç zady aňladanokdylar. Gülýän ýa-da gülmeýän, hiç bir adama barmysyňam diýemokdym. Seýilbagyň oturgyçlary, uzyn, asuda ýodalar, köprüde gijeki ýörişlerim, maňa öň bir wagtlar görlüp çalajan ýada düşýän düýş ýaly bolup duýuldy. Indi, çilimiň ysy ýympykdy, içýän suwum ajydy, hyýallarym bolsa dyr-pytrakdy. Bar günüm yssy hem gowurdyly çaýhanalarda, nardanyň başynda geçýärdi. Başga hiç zat bilen gyzyklanamokdym.
Gaýly gijeleriň birinde, şäheriň iň adamköp köçesinden geçip barýarkam, bir dükanyň witrinasy maňa birinji gezek söýmeýän täze bir adamy görkezdi. Ol arzuwsyz, umytsyz ýaşaýan adamlaryň biridi. Bir gaşy çytykdy, ýüzünde bolsa ýylgyryşdan nam-nyşan ýokdy. Ol – mendim. Indi, maňa ähli aýdymlar nätanyşdy. Söýgi aýdymlaryny duşman okunypdym. Seýilbaglar näkesler üçindir, diýýärdim. Hyýala beslenmek bigamlaryň işidir…
Terjime eden: Eziz AKAÝEW.