Sagdyn durmuşSliderSport

Welosipediňiz bar bolsa, sürmegi soňa goýmaň!

Meşhur şahsyýetleriň welosiped barada aýdanlaryndan

29-03-2022 / 26

Mälim bolşy ýaly, golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň  61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnama kabul edildi. Biz hem şol taryhy çözgütden ruhlanyp, welosiped barada meşhur şahsyýetleriň jümlelerini size ýetirmegi makul bildik:

Haçan-da men welosiped sürüp barýan uly adamy görenimde, adamzadyň geljegi üçin ynjalyksyzlanmakdan halas bolýaryn.
Gerbert Uells

Özüňe welosiped satyn al, çünki hiç kim uzak ýaşanyna ökünmeýär.
Mark Twen

Durmuş hem edil welosiped sürmek ýaly: deňagramlylygyňy saklap bilseň, hereket dowam edýär.
Albert Eýnşteýn

Welosiped meniň üçin ýaryşlardaky gazanylan ýeňişleriň däl-de, bagtyň simwolydyr.
Lens Armstrong

Welosipedde gezelenç etmegiň berýän ajaýyp lezzetini hiç zat gaýtalap bilmeýär.
Jon Kennedi

Welosiped sürmek meniň üçin iň peýdaly hereket meditasiýasydyr.
Robin Uilýams

Welosiped diňe bir ulag bolman durmuşyňyza many çaýýan zatlaryň hem biridir.
Jek London

Ömür biziň göz öňüne getirişimizden has çalt geçýär. Şonuň üçinem welosipediňiz bar bolsa sürmegi, ýakyn adamyňyz bar bolsa söýmegi soňa goýmaň!
Elizabet  Kýubler-Ross

Men näme üçin özümi bagtsyz hasaplaýan bilýäňmi?! Sebäbi meniň hiç haçan welosipedim bolmandy.
“Prostokwaşinodan üçlük”

Awtoulag bilen diňe ýoly külterläp bolýar. Welosiped bilen bolsa hem ýoly, hem ýatlamalary.
Ernest Hemingueý

Welosiped adamzadyň oýlap tapan iň ajaýyp ulag serişdesidir. Beýleki ulag görnüşleri gitdikçe akyllanyp, üýtgeme bilen bolýar. Diňe welosiped arassa ýürek ýaly öz durkunda galýar.
Aýris Merdok

Islendik welosiped sürýän adam meniň gadyrdan dostumdyr.
Geri Fişer

Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu