SliderSport

Her gün ylgamakçymy?!

25-02-2022 / 28

Her gün ylgamak peýdaly. Ýöne çendenaşa köp fiziki herekete bedeniň öwrenişmegi birbada kyn bolýar. Şu sebäpli bedene şikes ýetmeleriň bolýandygyny hem aýtmaly. Şol sebäpli ylgamagyň şu kadalaryny bilmek möhümdir:

* Ylgamak üçin niýetlenen aýakgaplary geýmek we çalşyp durmak;

* Ylgaýan aralygyňyzy ýuwaşdan her hepde artdyrmak;

* Ylgaýan günleriňize welisoped sürmek we ýüzmek ýaly aktiwiteleri goşmak;

* Ylgamazdan öň razminka etmek we soň biraz hereket etmek;

* Ylgamazdan öň mydama razminka etmeli diýlen zat ýok, birnäçe minut ýöräp onsoň ylgasaňyz hem bolýar. Ýöne ylgaňyzdan soň hökman biraz hereket ediň.

* Eger size ylgamakdan şikes ýeten bolsa, türgenleşigi bes ediň we lukmana görnüň.

Nädip her gün ylgamaly?

Her gün ylgap başlamak üçin size ýeke gerek zatlar bir ýa-da iki jübüt ylgamak üçin niýetlenen aýakgap, joraplar we dere çydamly eşikler.

Hepdede nähili ýygylykda ylgamalydygyňyz siziň fiziki fitnes derejäňize we maksadyňyza bagly. Ylgamaga täze başlamakçy bolsaňyz, size her gün ylgamak gerek däl, sebäbi size şikes ýetme ähtimallygy uly. Siz günaşa 20-30 minut ylgamak bilen başlaň.

Hepdede birnäçe gün ylgamak kyn bolup biler. Günüň başagaýlyklary başlamanka irden ylgamaga çalşyň. Ýa-da günortanlyk arakesmesinde ylgaň. Uzak aralyga ylgamagy dynç gününe, wagtyňyzyň has kän wagtyna goýup, hepdäniň içinde azrak ylgap bilersiňiz.

Begençmuhammet SERDARMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu