16-njy fewralda paýtagtymyzyň Seýdi köçesiniň ugrunda, has takygy, 15-nji tapgyrda gurlan binalar toplumynyň arkasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasynyň düýbi tutuldy. Dabara ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary we sungat ussatlary, ýaşulular, žurnalistler, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Şu ýylyň 8-nji fewralynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti bu merkeziň binasyny gurmak baradaky degişli resminama gol çekipdi. Täze merkeziň gurluşyk işlerini ministrligiň «Dokmahyzmat» döwlet kärhanasy alyp barýar. Häzirki taslama boýunça merkezde 200 orunlyk sahna, fitnes we aerobika zallary ýerleşdiriler. Şeýle-de, bu ýerde gyzlar, oglanlar we çagalar — hersi üçin aýratynlykda tans zallary, tans öwrediji gurnaklar hereket eder.
«Dokmaçylar» medeni merkeziniň binalar toplumynyň umumy meýdany 3,10 gektara barabardyr. Binany 2024-nji ýylyň fewral aýynda gurup, ulanmaga bermek bellenildi.
«TürkmenGazet».