Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýewiň Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi Departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda anyk gepleşikleriň geçirilmegi üçin Moskwanyň hökümetiniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň guramaçylygynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Rus tarapy ulgamlaýyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimi hökmünde saparyň barşynda Aşgabat-siti taslamasynyň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, ulag infrastrukturasynyň kemala getirilmegi, türkmen oba hojalyk önümleriniň Moskwa eksport edilmegi üçin «ýaşyl geçelgeleriň» döredilmegi, Türkmenistanyň we Moskwanyň telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik-forumynyň geçirilmegi ýaly meselelere seredilmegini teklip etdi.
«TürkmenGazet».