Slider

Saýlawlar täze taryhy şertlerde geçiriler

16-02-2022 / 22

Saýlaw möwsümine taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlary türkmen halkynyň mizemez bitewüligini, agzybirligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlylygyny has aýdyňlygy bilen äşgär eder.

Häzirki döwürde özüniň saýlap alan döredijilikli ýoluna üýtgewsiz ygrarly bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalary we taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu wajyp resminama Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen tassyklanyldy. Ol mejlis döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Bu Maksatnamadan we beýleki geljegi uly meýilnamalardan gelip çykýan möhüm wezipelerde täzeçe pikirlenip bilýän, giň aň-düşünjesi hem-de dünýägaraýşy bolan ýaş nesilleriň, hünärmenleriň ýolbaşçy wezipelerde işlemegine möhüm orun berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, saýlawlary möhletinden öň geçirmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen ýurdumyzda Prezident saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirmek bellenildi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar şu ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Ozalkylary ýaly, açyklyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň esasy şerti bolup durýar.

Milli kanunçylyga we halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öň ýanynda olary maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat çärelerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

Nazar AŞYROW,

Balkan welaýat gümrükhanasynyň Hazar gümrük nokadynyň uly gözegçisi, kapitan.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu