Habarlar

Türkmen-owgan serhedinde täze senagat toplumy gurlar

16-02-2022 / 8

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly 15-nji fewralda geçiren iş maslahatynda Gazagystanyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak baradaky teklibi barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident wise-premýerlere degişli teklipden gelip çykýan wezipeleri içgin öwrenmek, şol sanda senagat toplumynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler R.Meredowa, E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde hem-de täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan, gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän desgany gurmak boýunça geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde teklip edilýän senagat toplumyny gurmak üçin ähli zerur düzümler, şol sanda awtomobil we demir ýollary bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany önümçilik desgasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri degişli tarap bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu