Slider

«Apple»-de nähili täzelikler bar?

15-02-2022 / 17

«Bloomberg»-iň habar bermegine görä, «Apple» kompaniýasy öz täzelikleri barada habar beriş serişdelerinde 8-nji mart halkara baýramçylygynda beýanat berjekdigini mälim etdi.

Kompaniýanyň 5G birikmesi bolan täze «iPhone SE» ykjam el telefonynyň, täzelenen «iPad Air» planşetiniň, «Apple Silicon» maşgalasynyň täze bir çipli ulgamy esasynda ýasalan «Mac Mini»-niň täze görnüşiniň görkezilmegine garaşylýar.

Mundan başga-da, kompaniýa martyň birinji ýarymynda «iOS 15.4» çykarmagy meýilleşdirýär.

Täzelenen «iPhone SE» häzirki «SE 2020» çalymdaş bolar. Ol 5G modemi bolan bir kristally «Apple A15 Bionic» ulgamy esasynda gurlup, täzelenen surata düşüriji enjamy bolar. Onuň bahasynyň 300 amerikan dollary töweregi bolmagy mümkin.

Täzelenen «iPad»-yň hem 5G modemi bolan bir kristally «Apple A15 Bionic» ulgamy we 10,9 dýuýmlyk ekrany bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu