Slider

Sahna arkasyndaky aktýorlar barada türkmen teleserialy döredilýär

15-02-2022 / 13

Magtymguly adyndaky Türkmen sazly drama teatrynyň aktýory Döwletgeldi Berdiýew sahnadaky we sahna arkasyndaky aktýorlar barada teleserial döretmegiň üstünde işleýär. Serial «Teatr» diýlip atlandyrylýar.

— Bu pikiri iki ýyllap beýnimde göterip gezdim. Tomaşaçylara teatry daşardan görkezmek, oýun goýluşy we teleseriallaryň surata düşürilişi barada maglumat bermek isledim. Şeýlelikde, tomaşaçynyň aktýor durmuşynyň iki tarapynda-da bolmaga mümkinçiligi bolar — diýip, serialyň baş režissýory D.Berdiýew gürrüň berdi.

Serial Medeniýet institutynyň režissýorlyk bölümini tamamlan Didaryň Magtymguly adyndaky sazly drama teatryna işe iberilmegi bilen başlanýar. Ol ýerde çeper ýolbaşçy oňa çagalar üçin bir ertekini sahnalaşdyrmagy teklip edende, «Näme üçin erteki?!» – diýip, Didar gaharlanýar. «Eýse, meniň sahnada goýmak islän Molýerdir we Şekspiriň eserleri näme?»

— Molýerem, Şekspirem garaşar, häzirlikçe bolsa hekaýa başla. Ine, oýun, ine-de, baş gahryman Ogulsoltan, tanyş bol!

Didaryň ýüzüne urlan ýaly bolýar! Bu gyz, çeper ýolbaşçynyň kabulhanasynda onuň bilen dawalaşan şol gyz, çagalar ertekisinde esasy keşbi ýerine ýetirmeli şol…

Eger aktrisa bilen režissýoryň gatnaşygy başdan bir hörpden gopmasa, onuň nähili gutarjagy belli däl… Wagtyň geçmegi bilen, Didar beýik sungatyň kiçi zatlardan başlanýandygyna teatrda göz ýetirýär.

Serialyň edebi esasyny «Ahal durmuşy» gazetiniň jogapkär kätibi Eziz Geldimyradow ýazdy. Häzirki wagtda birinji seriýasy surata düşürilip boldy. Döredijiler filmi seslendirmegiň üstünde işleýärler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu