
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärlige hödürlenendigi hakda ozal habar beripdik. Häzirki wagtda Prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda milli ruhly, döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigi baradaky meselä aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi, şoňa görä-de, milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy.
Ýakyn wagtda ýokary döwlet wezipesine beýleki dalaşgärleriň atlary hem belli bolar. Bu bolsa Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasda geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
«TürkmenGazet».