Habarlar

Ýurdumyzyň iň göreldeli etraby belli boldy

13-02-2022 / 15

Lebap welaýatynyň Dänew etraby 2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugynda aýdylýar. Resminamada Dänew etraby 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilýändigi we Dänew etrabynyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanylýandygy bellenilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu