Eý ykbal, egnimden aýyr ýapynjaň,
Seçeklerne yşk labyry asylan.
Güldanymyň gül roýuny bozmazmy,
Çemen bogsam lälelerden basylan.
Eý ykbal, kalbymyň kerwensaraýna,
Baky düşlän jellat çeksin düýesin.
Keçäm üçin ýüwrüp goýan ýüňümiň,
Aýyrmaga ýardamyn et güýesin.
Eý ykbal, sowulmaz öýlänçiň äkit,
Çalşyp rahat uky dözjek tümlere.
Diwaryň betnyşan ýarasyn gizlän,
Ary aldanarmy jansyz güllere?!
Eý ykbal, duýgusy tussaga düşen,
Jigerbende gaýtaryp ber jigerin.
Synçy bolup beýle ýowuz darama,
Bilmedik ýüregne gorap ejemiň.
Eý ykbal, saçyma dakan gotazym,
Gül görküni gizläp dur-la örümiň.
Uçgun syçran oduň gara tüssesi,
Ýitiripdir çykalgasyn tärimiň.
Eý ykbal, serimde-sözümde şükür,
Oýaran günlerňe gursagym monça.
Näçe büdretseňem kötel ýoluňda,
Ýaşaýşa hujuwym köpelýär şonça.
Bibi TAGANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň öwreniji-mugallymy.