Habarlar

30 ýyllyk döwür üçin maksatnama kabul edildi

12-02-2022 / 10

11-nji fewralda Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, bu forum biziň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi.

Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň geljekki ösüş döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrandygyny belledi. Şol esasda hem Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýylarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy taýýarlandy. Ýurdumyzy täzeden galkyndyrmakda we täze ösüşlerde, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde onuň ähmiýeti uly bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu