Türkmen alabaýy Haýbar baradaky bu gürrüňi ýaşkam garry atamdan eşidipdim.Türkmen itleri hakynda söhbet açylanda segseni arka atyp, togsany ýarpylan atamyň maňlaýynyň, ýüzüniň ýygyrtlary ýazlyşyp, içine çöküşen gözleri nurlanybererdi. Öňki pessaý çykan sesem gitdigiçe beýgelip, gojanyň alabaýlara bolan guwanjy, buýsanjy mese-mälim duýulýardy.
Şol agşam hem ajyja gök çaýly çäýnegi öňüne çeken atam käsesine guýlan çaýyndan käte bir owurtlap, bize şeýle gürrüň berdi:
— Ol döwürler bu Jeýhunyň kenarynda oturan obamyz kiçijekdi. Obada üç sany baýyň maşgalalary bilen ýüze ýetmez hojalyk ýaşaýady. Hemidem şu obadandy. Ol ata-eneden ir aýrylan ýalňyz ýetim oglandy. Onuň hakyky ady Halmyradam bolsa gysgaldyp Hemit diýip tutardylar. Ýetimlik Hemidi oglanlykdan ir saýlady. Gara garny üçin baýlaryň gapysynda hyzmat edip ýören oglanyň jahyl çykyp barýany dessine Sary baýyň gözüne ildi. Ony çölde bakylýan sürüleriniň birine çoluk edip iberdi. Baý ilki çoluk, soň kömekçi çopan edip işleden hyzmatkärine “Seni öýerip, öý tutup bererin” diýip hoş söz bilen doýurmakdan başga hak tölemedi.
Hemit Haýbar itini hem çoluk wagtynda edinipdi. Ony ýanaşyk çopanynyň ganjygynyň doguran bäş güjüginiň arasyndan saýlapdy. Dogulanyna köp wagt geçmedigem bolsa doganlaryndan dogumlylygyny, göwresiniň iriligi bilen saýlanyp duran alaja güjüge Haýbar diýip, at goýdy. Ony çaga ösdüren ýaly söýgüläp ösdürdi. Haýbar gününi sanap batyr, gaýduwsyz, mähnet it bolup ýetişdi. Indi bu alabaýa Haýbar ady tüýs gelişip durdy. Möjekçi itiň garasyny gören gurtlar ýamzyny gysyberdi. Asyl Haýbaryň üýrýän sesi eşidilen ýerde-de möjek durman, örülere garasyny saýlabererdiler.
Çölde-de bolup geçýän öwrülişikleriň, täze durmuşyň ýaňy ýaýrap, bir gije Sarybaý çopanlaryna sürülerini Owganystana sürdürdi. Watandan aýrylmaga öňem göwünsiz mal sürüp barýan Hemit Amyderýanyň boýuna baranlarynda gözlere çöp atyp özüni derýa urýar. Onuň yzyndan Haýbaram suwa bökýär. Hemit hernäçe gowy ýüzýänem bolsa derýanyň girdabyna düşüp janyndan el üzüp başlanda onuň dadyna Haýbar ýetişip, girdapdanam, derýadan kenara alyp çykýar. Ertesi güni baýdan başyny gutaran Hemidem, Haýbaram oba dolanýarlar.
Obada ýaşap başlanlaryna kän wagt geçmänkä Sary baý öýerjek sözünde tapylmasa-da Hemidiň öý-işikli bolmagyna-da Haýbar sebäp bolýar. Hemit bir gün jeňňele odun çapmaga gidende alabaýam ondan galmaýar. Oduna mazaly gyzan Hemit itiniň ýanyndan gidenini-de bilmeýär. Bir salymdan yzyna ylgap gelen Haýbar yzly-yzyna üýrüp eýesiniň donunyň eteginden dişläp ony gaýra çekip başlaýar. Bir ahwalatyň bardygyny aňan Hemit yzyna düşensoň Haýbar ony jeňňeliň ortasynda ýylgynlygyň içinde mejalsyz ýatan ýaşuly adamyň ýanyna eltýär. Hemit ýaşulynyň ýüzüne suw sepip huşuna getirýär, suw içirýär, onuň aýagynyň döwülendigine göz ýetirip döwük aýagy ýogyn dogry ýylgynlary goýup seýikleýär. Oduna gaýdyp eşeginden ýykylyp seňseläp, aýagyny döwdürip iki gün bäri aç-suwsuz ýatan ýaşula çaý gaýnadyp içirip, ýanyndaky çörekden iýdirip daýandyrýar. Soň obasyndan eşegaraba getirip ýaşulyny ýaşaýan obasyna alyp gidýär. Ýaşulynyň öýüne ýetýänçäler olar soraşyp-ideşip mazaly tanyşýarlar. Hemidiň kömegi bilen maşgalasyna gowşan ýaşuly yzyna gaýtmakçy bolanda boş goýberesi gelmän halaskärine maslahat salýar. “Inim, menem seniň ýagşylygyňa ýagşylyk bilen jogap bereýin. Şu wagt meniň kiçi gyzym adamysy ýogalansoň gaýynlary jogabyny berip öýde otyr. Hälem men bar ýogsa ogullaryma galsa ol naçary duş gelene satmakçy. Başy boş maşgalany agyzdan, dilden, elden goramagam ýeňil däl. Senem öýlenip bilmän saçyňa ak sepdirip başlapsyň. Makul bilseň şu naçary alyp git. Öýlen. Maşgala gur. Önüp-ösüň. Gyzym saňa ene süýdünden halal bolsun” diýip, ak arzuwlar bilen olary ýola salýar. Ine şeýdibem Haýbary sebäp bolup Hemidiň öýi boldy, soň zürýadly boldy.
Haýbar oba geleli bäri tilki şagaldanam obanyň golaýyna gelip bilenokdylar. Oba adamlaram Hemidiň alabaýynyň sesi eşidilip dursa, mal-garasyndanam, towuk-guşlaryndanam, öýlerindenem arkaýyndylar. Ol obanyň daşyny-içini, öýleriň töweregini aýlanyp goraglap ýörerdi. Kimiň gapysyna barsa-da, onuň öňüne çörek bölegini, täze bişen etiň süňküni oklardylar. Şonda ol özüne hörek hödürläne minnetdarlyk bilen baş atyp, yzyna dolanardy. Oklanan zada agyz urmazdy. Buýsançly itdi. Hemidiň gapysynda aç ýatar welin kişi zadyna degmez diýip, atam sözüni soňlanda, onuň ýüzi ýagtylyp türkmen alabaýlaryna bolan buýsanjy şöhlelenýärdi.
Şöhrat JODYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Döwletli etrap komitetiniň bölüm müdiri.