Duz. Ýüzýyllyklaryň dowamynda duz gymmatly haryt hasaplanypdyr. Gadymy döwürde Hytaý imperatory Ýuý taryhda ilkinji gezek duzy salgyt tölegine girizipdir. Rimde bolsa esgerlere gulluk hakyny köplenç, duz bilen töläpdirler.
Gara burç. Gadymy Gresiýada gara burçuň gytlygy onuň görlüp-eşidilmedik derejede bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolupdyr. Gara burç özüniň ýokary bahasy sebäpli «gara altyn» adyna eýe bolupdyr we XIX asyra çenli diňe barjamly adamlaryň eşreti hasaplanypdyr.
Çaý. Ýapraklary gowrulyp guradylandan soň, gidrawlik basgyç arkaly kerpiç görnüşine getirilipdir. Hytaýyň, Mongoliýanyň, Tibetiň we beýleki Merkezi Aziýa sebitleriniň hasaplaşyk serişdesi hökmünde ulanylypdyr.
Läheň daşlar. Degirmene çalym edýän ortasy oýulan uly tegelek daşlary Ýap, Mikroneziýa arhipelaglarynda pul hökmünde ulanypdyrlar. Daşyň gadymylygyna, näçe arka degişlidigine görä bahasy bolupdyr.
Farfor balykgulaklary. Olar gadymy walýutanyň iň ilkinji görnüşleriniň biridir. Soňra walýutanyň şeýle görnüşi Afrikanyň, Arap ýarym adasynyň, Ýewropanyň we Aziýanyň käbir ýerlerinde giňden ýaýrapdyr.
Peýkam tyglary. Gadymy walýutanyň bu görnüşi Gara deňziň demirgazyk böleklerinde ýüze çykypdyr. VII asyryň başlarynda peýkam tyglary häzirki zaman Ukrainanyň, Merkezi Aziýanyň, Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Kawkazyň we Russiýanyň bir bölegini öz içine alýan Beýik Skifiýanyň giň çäklerinde pul hökmünde ulanylypdyr.
Mergen AGAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.