Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeni wekilhanasynda 3-nji fewraldan 11-nji fewral aralygynda pars dilini öwrenýänleriň we eýran kinosynyň türkmen muşdaklarynyň gatnaşmagynda «Eýran kinosynyň günleri» atly medeni çäre geçirilýär.
Çäräniň açylyş dabarasynda Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça attaşesi Näwid Räsuli eýran kinosynyň taryhy we abraýly halkara film gözden geçirişlerinde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi. Halkara hünärmenler eýran kinosyny dünýäde ylham beriji, özboluşly, göwnejaý çemeleşmäni gorap saklan sungatlaryň iň möhümleriniň biri hasaplaýarlar.
Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binasynda 11-nji fewrala çenli Eýranyň soňky 43 ýylda senagat, energetika, aerokosmos, oba hojalygy, ylym we beýleki pudaklarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi hem geçirilýär.
«TürkmenGazet».