
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalary çap etmegi dowam edýär. Köp sanly fotosuratlar, şol sanda muzeý hem-de arhiw gymmatlyklarynyň suratlary türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň sahypalaryny bezeýär.
«TürkmenGazet».