8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanylýan desgalary gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Prezident bu ugurda Halkara pediatriýa merkezini we paýtagtymyzda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de wise-premýer S.Toýlyýewe bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.
«TürkmenGazet».