Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Gadymy senet — ylhamly senet» atly dabaraly maslahat geçirildi we sergi açyldy.
Ol dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bagşylar, nakgaşlar we Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Çykyşlarda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde saz sungatynyň döreýşi we taryhy, bagşylaryň halk döredijiliginiň eserleriniň we türkmen klassyk şahyrlarynyň goşgularynyň biziň günlerimize çenli ýetip gelmegindäki orny barada giňişleýin çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde açylan wagtlaýyn serginiň ilkinji tomaşaçylary boldular. Onda dutar, gyjak, olaryň aýratyn bölekleri, saz gurallaryny ýasamakda ulanylýan enjamlar goýlupdyr. Welaýatyň nakgaşlarynyň bu tema bagyşlap çeken suratlary hem aýratyn orun eýeleýärler.
«TürkmenGazet».