Habarlar

ÝUNESKO kafedrasyny döretmäge taýýarlyk görülýär

09-02-2022 / 10

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda döredilýän täze ÝUNESKO kafedrasynyň işi bilen baglylykda, bu ýokary okuw mekdebinde eýýäm daşary ýurtlaryň iri bilim ojaklarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyga girişildi. ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça Özbegistanyň Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet pedagogik uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Belarusyň A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetinden, Russiýanyň Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetinden halkara goldaw hatlary gelip gowuşdy. Bu ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler hem geçirildi.

Institutyň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki baş merkeziniň ýokary okuw mekdepleri bölüminiň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Onda ÝUNESKO kafedralary baradaky maksatnama giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu