1 minut — biz ony sähel salymlyk wagt hasaplaýarys. Göräýmäge, bu wagtyň dowamynda haýsy-da bolsa bir işe ýetişmek mümkin däl ýaly. Ýöne özümize we daş-töweregimize peýdaly boljak işler üçin bize 60 sekund hem ýeterlik bolar. Geliň, olaryň käbirlerine göz aýlalyň:
1 minudyň dowamynda gysgajyk maşklary ýerine ýetirmek bilen bedenimizi berkitmek mümkin.
Suw içip, içki agzalaryň kadaly işlemegine ýardam ederis.
1 minut ýakynlarymyza jaň edip, hal-ahwal soraşmak üçin ýetik.
Ellerimizi ýuwmak bilen arassaçylyk kadalaryny berjaý ederis.
60 sekund otaglary ýelejiretmek üçin ýeterlik bolar.
Daş-töweregimizi tertibe salmak mümkin.
Daşary ýurt dillerindäki sözleriň birnäçesini öwrenip bileris.
Çagalara peýdaly oýunlara ugrukdyrmak mümkin.
Arassa howada gezelenje çykmak üçin ýeterlik.
Şeýle hem Ýer ýüzünde 1 minudyň dowamynda bolup geçýän hadysalary bilmek hem gyzykly bolsa gerek. Hasaplamalara görä, 60 sekundyň dowamynda dünýäde :
258 çaga dünýä inýär;
116 sany adam nika baglaşýar;
Dünýä ýurtlarynyň howa menzillerinden dürli ugurlara 58 uçar bat alýar;
Adamlaryň 114-si täze jaýlara göçýärler;
Elektron hatlaryň 168 milliony ugradylýar;
Google-da 4 million gözleg amala aşyrylýar;
Instagrama 216 müň surat goýulýar;
Ýer üstünden 960 million tonna suw bugarýar;
Leopard 2 kilometr ýoly geçip bilýär;
Kolibr guşy 4 müň gezek ganat kakýar;
Adam bedeniniň her bir öýjüginde 6 million himiki reaksiýalar geçýär.
Zöhre PIRLIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.