Slider

12 sany döwlet desgasy auksiona çykdy

08-02-2022 / 13

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 12 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalary yglan etdi. 

Bäsleşikli söwdalar 24-nji fewralda, sagat 10:00-da Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.

Bu gezkki auksionda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň,  Türkmenstanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary bar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu