
7-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen Lideri Rejep Taýyp Ärdoganyň we onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.
— Gadyrly doganym, şu dörän pursatda ikiçäk söhbetdeşlikde siziň ýagdaýyňyzy soramak üçin telefon arkaly saglyk-amanlyk soraşmak isledim — diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen Lideri hut öz adyndan we maşgalasy Ogulgeregiň adyndan türk Liderine hem-de onuň maşgalasy Emine hanyma tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edip, olaryň özlerine mahsus bolan gujur-gaýraty we ruhy durnuklylygy bilen bu keseli ýakyn wagtda ýeňip geçjekdiklerine we gutuljakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Türk Lideri tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin türkmen doganyna hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam bildirdi.
«TürkmenGazet».