Olar şowsuzlyklardan gorkmaýarlar.
Islendik işi ýerine ýetirenlerinde ýüze çykjak ýalňyşlyklardan gorkmaýarlar. Gaýta olar ýalňyşlyklar bilen taplanýarlar. Çünki olar islendik üstünligiň ýalňyşlyklar, kynçylyklar bilen gazanylýandygyna düşünýän ynsanlardyr.
Öwrenmäge hemişe taýýardyrlar.
Akylly adamlar döredijilik bilen has köp meşgullanýarlar. Ýüze çykýan her bir ýagdaýa çuňňur düşünmäge çalşyp, ondan many-mazmun çykarmaga çalyşýarlar. Olar her bir täze gününi täze gözlegler bilen doldurmak ugrunda yhlas edýärler, täze zatlary döredijiligi bilen içgin gyzyklanýarlar. Öz döreden zatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda çemeleşýärler.
Olar ruhubelentdirler.
Öňde goýan maksadyna ýetmeseler tiz ruhdan düşmän, gaýta oňa ýetmek ugrunda yhlas edýärler, “ýykylan göreşden doýmaz” diýlen aýtga eýerip, köňlünde beslän maksadyndan dänmeýärler, soňuna çenli göreşýärler.
Zehinli ynsanlar gowy synçylardyr.
Akylly adamlaryň garaýyşlary örän takyk we anykdyr. Olar özündäki ýa-da öz işindäki kemçilikleri duýmagy başarýarlar. Ýerliksiz köp gürlemegiň ýerine olar köp pikirlenip, degerli netije çykarmagy dogry hasaplaýarlar. Olarda düşünişmek endigi hem gowy ösendir.
Akylly adamlar bilen söhbetdeş bolýarlar.
Zehinli adamlar öz wagtyny akylly, döredijlikli adamlar bilen söhbetdeş bolmaklyga, olar bilen jedelli meselelere harçlaýarlar. Özleri üçin peýdaly boljak many-mazmunly sowallary, pikirleri agtarýarlar.
Täzeçe pikirlenişe ymtylýarlar.
Her bir zada, her bir ýagdaýa gyzyklanma bilen serederler. Täzeçe zatlar bilen meşgullanmaga çalşyp, ondan lezzet alarlar. Akylly ynsanlar örän bilesigelijilerdir.
Zehinli adamlar hemişe pespäldirler.
Akylly adamlar mydama dymmagyň tarapdary bolup, pespäldirler. Bilmeýän zatlaryny öwrenmegi kiçilik bilmän, “bilemok” diýen jümläni aýtmagy başararlar.
Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.