Bilemok, nämüçin ýatdan çykanok,
Ýa başga ýatlama tükenäýdimi?
On bäş ýyl soň ýene düýşüme girdi,
Polýak ussalarnyň tiken ädigi.
Mollamurtuň «Nesihatyn» ýat tutup,
Ekzamene taýynlanýan wagtymyz.
Satylýar — diýdiler — modaly ädik,
Beýle ädik — ýetginjegiň bagtydyr.
«Nesihat», ekzamen huşumdan uçdy,
«Birini alaýyn nädibem bolsa.
Şo gyz meni söýer — diýdim içimden, —
— Geýer ýaly gowy ädigim bolsa.
Bir gowy gyz bardy, biçak owadan,
Klasdaşlar bolup, şony söýdük biz.
Dostum şol ädigi alan dessine,
Bagtym menden ýüz öwrendir öýdüpdim.
Gowy ädik nesibämde ýok eken,
Hatda aýagma-da görmedim deňäp.
Başga oba göçüp gitdi ol gyz hem,
Näme sebäp boldy, bilmedim men-ä.
Henizlerem söýýärin şol gözeli,
Kalbymda dogadyr, mähriban ady.
Durmuşda bu, dostlar, erkiň ýetenok,
Käte ol gysganýar bolgusyz zada.
Ynjalyk berenok, ýatdan çykanok,
Ykbalyňdan bir zat gädilen bolsa.
Göwnüme bolmasa, söýjekdi-le şol
Illeriňki ýaly ädigim bolsa.
Çary ÝEGENMYRADOW.