Göwün küýsegiSlider

Itlere mahsus häsiýet

04-02-2022 / 29

Adamlaryň biri tanymal akyldary, abraýly piri öýüne zyýapa­ta çagyrypdyr. Akyldar olaryň gapysyna ýetiberende, öý eýesi daş çykypdyr-da: «Hormatly pirimiz, bu gün sizi hezzetläre hiç ýüzümiz ýokdur! Soň bir gün gaýtadan çakylyk ýollarys» diýipdir. Pir hiç zat bolmadyk ýaly yzyna dolanypdyr. Öýüne gelip ornaşan badyna ýaňky adam piri ýene öýüne çagyrypdyr. Naharyň taýyn bolandygyny, ge­libermelidigini aýdypdyr. Pir bu gezegem onuň haýyşyny bitiripdir, zyýapata ugrapdyr, ýöne ýene-de öňki ýagdaý gaýtalanypdyr. Her gezek çagyrylan öýe ýetiberende, öý eýesi heniz taýyn däldigini mälim edip, akyldary yzyna gaýtaryp durupdyr. Bu ýagdaý dört gezek gaýtalanypdyr. Pir bolsa öýüne gidip, çagyrylsa, gelip durupdyr. Ahy­ry öý eýesi pire ýüzlenip: «Hormatly pir, aperin saňa, şeýtmek bilen seniň sabyr-takatyňy hem-de öz häsiýetleriňe durnuklydygyňy syna­mak isledim. Tüweleme, siz örän beýik adam ekeniňiz» diýip, ilki ötünç sorapdyr, soňra bolsa piri öwmäge durupdyr. Pir bu sözlere gabagyny galdyrman, ýerden nazaryny sowman durşuna: «Itlere mahsus häsiýetiň barlygy üçin meni öwüp oturmaň. Çagyrylanda gelip, kow­landa gitmek itlere laýyk gylykdyr, adama mahsus däldir» diýipdir.

Arap dilinden terjime eden Rahmet GYLYJOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu