
Ministrler Kabinetiniň 3-nji fewralynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Teatr we teatr işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejelerini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Prezident ýurdumyzyň teatr toparlaryna degişli derejeleriň berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň medeniýet edaralarynyň çeperçilik işiniň netijeleri boýunça berilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany degişli resminama gol çekdi.
«TürkmenGazet».



