Habarlar

2022-nji ýylda Türkmenistanda nähili kanunlar kabul ediler?

04-02-2022 / 9

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji fewralynda geçirilen mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hasabat berdi.

Maglumat berlişi ýaly, Mejlisiň 2022-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Häzir döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de türkmen jemgyýetiniň beýleki ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar. Şolaryň hatarynda Jenaýat, Raýat kodeksleriniň rejelenen görnüşleri, «Notariat we notarial işi hakynda», «Itçilik we kinologiýa hakynda», «Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu