«Türkmenawtoulaglary» agentligi Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna paýtagtyň jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi we ähli awtobus duralgalarynyň ýerleşýän ýeri barada maglumat almak üçin döredilen täze «Duralga» ykjam goşundysyny hödürleýär.
Ykjam goşundy häzirki wagtda Android operasion ulgamyna ýükläp almak üçin elýeterdir. «Duralga» onlaýn-düzgünde GPS tehnologiýasy arkaly şäher awtobuslarynyň hereketini yzarlaýar. Ulanyjy şäheriň islendik nokadynda anyk awtobusyň hereketi barada maglumat alyp biler.
Täze goşundy jemgyýetçilik ulaglarynyň golaýdaky duralgasyny, «A» nokatdan «B» nokada çenli ugruny, awtobusyň nirdedigini we geljek wagtyny kesgitläp bilýär. Interaktiw karta arkaly taýýar ugurlara syn edip bolýar. Şeýle hem ulanyjylar awtobuslaryň ugrunyň üýtgeýşi barada «push» habaryny alarlar.
«TürkmenGazet».