Eger häzirki wagtda Müsür piramidalary ýaly bina gurulsa, näçe harajat ediljekdigi barada aýtmazdan öňürti, piramidalaryň gurluş aýratynlyklaryna ünsi çekeliň.
Heopsyň piramidasy
Soňky ýyllarda dünýä döwletlerinde biri-birinden uly bolan binalary gurmak işine gyzgalaňly girişildi. Şonuň üçin beýikligi Asman bilen bäsleşýän binalary görmek indi adamzat üçin onçakly bir geňem däl ýaly. Emma olaryň arasynda biri-birinden diňe beýikligi boýunça däl, eýsem, gurluş aýratynlygy boýunça düýpgöter tapawutlanýanlary-da bar. Dünýäniň iň täsin ýerleriniň sanawyna girýän Müsür piramidalary özüniň täsin gurluş aýratynlygy boýunça indi ençeme asyr bäri alymlaryň üns merkezinde. Eger-de şol piramidalar häzirki wagtda guruljak bolnanda näçeräk harajat gerek bolardy?!
Bu günki gün beýikligi 138 metr bolan Heopsyň piramidasy Ýer ýüzünde 3 müň ýyllap iň beýik bina hasaplanypdyr. Ýöne miladydan öňki 2600-nji ýylda gurlan bu piramidanyň hiç hili döwrebap tehnologiýalary ulanmazdan gurlandygy aýratyn bellärliklidir.
Heops piramidasynyň gurluş aýratynlygy:
Müsüriň biziň günlerimize çenli saklanyp galan iň uly ýadygärlikleriniň biri bolan Heopsyň piramidasynyň gurluşygy faraonyň ýegeni, arhitektor Hemiun tarapyndan alnyp barlypdyr. Piramida hek daşyndan ybarat bolan tebigy depelikde gurlan, granit we hek daşlaryndan düzülen bir gatly binadyr. Käbir maglumatlarda görkezilişine görä, piramidanyň ilki başda beýikligi – 146,6 metr bolupdyr. Egilme burçy – 51 dereje, daýanç meýdany – 53 müň m2, göwrümi – 2,50 million m3, blok gatlaklarynyň sany bolsa – 203-dir. Piramidany düzýän granit daşlarynyň käbiriniň agramynyň 35 tonna, hek daşly bloklaryň bolsa hersiniň takmynan 2,5 tonna barabar bolmagy-da geň galdyryjy ýagdaýdyr.
Piramida nädip guruldy?
Ylmy maglumatlara görä, bu piramidanyň gurluşy diňe bir gullar tarapyndan alnyp barylman, eýsem, onuň işine erkin müsürliler hem gatnaşypdyrlar. Emma olar öz hyzmaty üçin pul almandyrlar. Çünki ol döwürlerde pul ýokdy. Bu hakykata 1990-njy ýyllarda arheologlar tarapyndan tapylan işçileriň guburlary we beýleki tapyndylar şaýatlyk edýär.
Gurluşyk işleri näçe wagt dowam etdi we onda näçerek müsürli işläpdir?
Müsüriň gadymy asyrlar ýokary geňeşiniň öňki baş sekretary Zahi Hawassanyň aýtmagyna görä, piramidanyň gurluşygynda jemi 10 müňe golaý işçi işläpdir. Olar ýörite düzülen reje boýunça iş ýöredipdirler. Ýagny her 3 aýdan işçiler çalşyrylyp durlupdyr. Mundan başga-da gurluşyk meýdançasynda 4-5 aýyň dowamynda bloklary tiz gurmagy başarjak iň güýçli işçiler işledilipdir.
Müsüri öwreniji Mark Lehnerniň aýtmagyna görä, gurluşyga azyndan 20 000 adam gatnaşypdyr. Gurluşygyň dowam eden wagty barada aýdylanda bolsa 20 ýyldan 27 ýyla çenli wagt aralygy görkezilýän bolsa-da entäk bu barada anyk netijä gelnenok.
Işçileriň iýmitlenişine gözegçilik güýçli bolupdyr. Olaryň köp mukdardaky et önümleri, gök önümler, çörek we beýleki iň gowy iýmitler bilen iýmitlenendigi subut edilendir. Arhezoolog R. Reddingiň maglumatlarynda görä, piramidanyň gurluşykçylary üçin her gün 1800 kilogram et sarp edilipdir.
Piramidanyň gurluşygy üçin gerekli bolan gurluşyk daşlaryny daşamak we ýerlemek işiň agramly bölegi hasaplanypdyr. Gurluşykda esasan hem ýerli hek daşyndan peýdalanylyp, hek daşynyň esasy ýatagy-da gurluşyk meýdançasynyň golaýynda ýerleşipdir. Emma piramidanyň üstki gatlagy üçin ulanylan ýokary hilli hek daşy bolsa Turadan (Gizadan 13 km uzaklykda) getirilipdir. Piramidanyň gurluşygy üçin sarp edilen harajatlary hasaplamak örän kyn. Çünki şol döwürde hiç hili pul bolmandyr, zerur bolan materiallar bolsa faraonda köp eken. Beýleki gerekli zatlar bolsa alyş-çalyş üsti bilen amala aşyrylypdyr.
Eger-de häzirki wagtda Müsürde edil şunuň ýaly bina guruljak bolnanda aşakdaky ýaly harajatlar sarp edilerdi:
hek daş bloklary (2,5 million m3) – 500 million dollar; granit bezegleri (8000 tonna) – 1,4 million dollar; gurluşyk materiallary üçin umumy harajatlar – 1 milliard dollardan köp däl.
Arhitektor Žan-Pýer Hurdeniň aýtmagyna görä, takmynan 1500-2000 sany gurluşykçylaryň kömegi bilen 5 ýylyň dowamynda Heopsyň piramidasy ýaly binany gurmak mümkin bolardy. Beýle binanyň bahasy bolsa 5 milliard dollara barabar bolar.
Dürjan DÖWLETOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň atçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.