30-njy ýanwarda ýurdumyza Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli güwänama gelip gowuşdy. Bu barada 31-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly waka mynasybetli türkmen halkyna Gutlag iberdi.
Bu şatlykly waka mynasybetli medeniýet ulgamy tarapyndan degişli çäreler göz öňünde tutulýar :
- 1-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat we sergi geçiriler, şeýle hem maslahatda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden aýratyn tapawutlanan dutar ussalaryna «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen adyň dakylandygy baradaky şahadatnamalar gowşurylar;
- Bagşy-sazandalaryň konsertleri teleýazgy görnüşine geçirilip, ýaýlyma beriler;
- Ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligine hem-de milli aýdym-saz sungatymyza bagyşlanan maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary geçiriler;
- Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça dürli çäreler, şol sanda maslahatlar we duşuşyklar geçiriler.
- Teatrlarda dutar bilen bagly sahna oýunlary teleýazgy görnüşine geçirilip, ýaýlymlarda beriler.