Häzirki biziň döwrümizde “milliarder” düşünjesi gaty meşhur bolup, dürli ugurlar babatda önümçilik bilen meşgul bolup, girdejisini ýokarlandyrýan dünýä ägirtleriniň sany barha artýar. Dünýäniň iň baý adamlarynyň atlary belli bir wagta görä olaryň girdejisine, maliýe çeşmeleriniň möçberine baglylykda üýtgäp durýar. Eýsem-de, dünýäde ilkinji milliarder kim boldyka?
Taryhda ilkinji milliarder hökmünde amerikaly Jon Rokfeller tanalýar, ol bu derejä 1916-njy ýylda eýe boldy. Meşhur ilkinji millarder 1839-njy ýylyň 8-nji iýulynda Riçford şäherinde dünýä inýär. Onuň kakasy Wilýam Rokfeller ýaşlygynda agaç ussasy bolupdyr, köp wagtlap agyr zähmet çekip, dürli bejeriş serişdeleriniň satuwyny ýola goýupdyr. Şeýlelikde onuň telekeçilik işi maliýe ýagdaýlarynyň gowulanmagyna täsir edipdir.
Rokfeller maşgalasynda alty çaganyň ikinjisi Jon Rokfeller heniz 7 ýaşynda telekeçilik işi bilen gyzyklanyp başlapdyr. 16 ýaşyndaka ýörite kompaniýada işe başlapdyr. Birnäçe wagtdan soň öz hususy işini ýola goýýar we 1870-nji ýyllarda ol nebiti gaýtadan işlemek we nebit ýataklaryny gözlemek bilen meşgullanýan “Standard Oil” kompaniýasyny esaslandyrypdyr. Gysga wagtda girdejili önümçiligi ýola goýan Jon Rokfeller demir ýollarynyň gurluşygyna maýa goýupdyr. Bu bolsa nebit we nebit önümlerini daşamakda çykdajylary ep-esli derejede azaldypdyr. Bu kompaniýa gysga döwürde ABŞ-nyň nebit önümçiliginiň 90%-ni özüne birleşdiripdir. Netijede J.Rokfeller 1916-njy ýylda resmi taýdan dünýäniň ilkinji milliarderi hökmünde yglan edilipdir.
Ömrüni telekeçilige bagş eden dünýäniň ilkinji milliarderi 1937-nji ýylyň 23-nji maýynda aradan çykýar. Köp ýyllaryň geçendigine garamazdan onuň bitiren hyzmatlary we goşan goşantlary häli-häzirler hem ýerli jemgyýetçilik tarapyndan sarpalanýar.
Maýa Seýidowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.