«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada hökümetiň 28-nji ýanwarynda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hasabat berdi.
Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde taýýarlanyldy. Bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Milli maksatnamanyň taslamasy fewral aýynda geçiriljek Halk Maslahatynda ara alyp maslahatlaşmagyna hödürleniler.
«TürkmenGazet».