Göwün küýsegiSlider

Sypaýy söhbet

29-01-2022 / 17

Sen gitdiň, özümi özüme dözüp,

Jaň edip tapmadym öňki belgiňden.

Bergimi – ýüregmi bilmämsoň üzüp,

Halas dälsiň senem maňa bergiňden.

 

Sen barkaň, lezzetdi her alýan demim,

Sen barkaň, hudaý bar, duýýardym bagty.

Sen nähili begenýänmi bilsediň,

Nätanyş belgiden jaň gelen wagty.

 

Töwekgel sözüm bar, ýüregim ýygra,

Ýöne ol iru-giç sypar agyzdan.

Ynanyp söýgüniň hakykatdygna,

Kim aman galypdyr sapalagyndan?!

 

Sen döndüň,

döndi meň ýüregim şeme,

(…Edähediň bilen bolşuma käýin)

Daşarda aýaz bar, sen bir üşeme,

Goý, mähirsiz üşesem men üşäýin.

Seýitmyrat GELDIÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu