
Häzirki döwürde internet arkaly söhbetdeşlikler guralanda, öýjükli telefonlar arkaly SMS alşylanda smaýlikler has köpçülikleýin ulanylýar. Smaýlik sözi iňlis dilinden “smile” – “ýylgyrmak” diýen manyny berip, söhbetdeş bolýan taraplaryň öz duýgularyny görkezýän şekiljiklerdir.
Söhbetdeşlikde smaýlikleri kompýuteriň klawiaturasyndan tekst görnüşinde ýazýarlar, habary alyjyda bolsa iberilen bu tekst şekili smaýlik görnüşine öwrülýär. Internetdäki söhbetdeşlikde duýgyňy klawiaturadaky belgileriň yzygiderliligi görnüşinde bermegi ilkinji gezek 1984-nji ýylda Skott Falman teklip edipdir. Ilkinji bolup adamyň ýylgyryp duran sary şekiljigini bolsa amerikan suratkeşi Harwi Bell işleýän kompaniýasyna çekip berýär. Aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda döredilen şeýle şekiljikler-smaýlikler haryt belgisi hökmünde seredilip, wagtyň geçmegi bilen olaryň eýelerine-de awtorlyk hukugy berlipdir.
Şekiljik işgärleri müşderiler bilen duşuşanlarynda, telefonda gepleşenlerinde ýa-da resminamalar bilen işlänlerinde ýylgyryp ruhuny galdyrmak üçin niýetlenilendir. Ilkinji smaýlikden biziň günlerimize çenli adamyň duýgusyny, ýagdaýyny, hereketini, keşpleri, teswirlemeleri görkezýän smaýlikler nusgawy hökmünde döredildi.
Berilýän şekiljikler-smaýlikler siziň duýgyňyzy, başdan geçirmeleriňizi-de bir şekiljigiň üsti bilen beýan edip biler. Internet söhbetdeşliklerinde ulanylýan smaýlikler bu günki gün gazet-žurnallarda hem giňden ulanylyp başlandy.
Geldimurat TÖREBAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



