Slider

27-nji ýanwar — Watan goragçylarynyň güni

26-01-2022 / 5016

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly ruhubelentlik bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününe gabatlanyp, Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilýär. Bu günüň giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň nyşanydyr.

Döredilen wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň binýady döwrebap söweş tehnikalary we tilsimatlary bilen berkidilip, ýurdumyzyň çäk bitewüliginiň hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň ykraryna öwrüldi. Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran gahryman pederlerimiziň watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik we dost doganlyk ýörelgelerini harby däplerine ornaşdyran Milli goşunymyz bu günki gün eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň göz-guwanjydyr. Durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde parahatçylygy maksat edinýän Ýaragly Güýçlerimiziň harby sungaty hem-de harby gullukçylaryň harby hünär başarnygy we söweşjeň taýýarlygy has-da kämilleşýär. Watany goraýan gaýratly, merdana harby gullukçylar gadymy hem müdimi halkymyzyň gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamydyr.

Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň gü­nü­niň ýurt de­re­je­sin­de giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň güý­jü­ne güýç, gaý­ra­ty­na gaý­rat goş­ýar. Mil­li go­şu­ny­myz hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­niň sars­maz ga­la­sy bo­lup, ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň bäh­bi­di­ne gul­luk ed­ýär. Bu ýö­rel­ge­ler he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne esas­lan­ýan we go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan Har­by dokt­ri­na­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Harby gullukçylaryň  kalbynda «Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk edýärin!» diýen mukaddes Kasam hemişe belentde ýaňlanýar.

Baýramyňyz gutly bolsun, Watan goragçylary!

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu