Eger waksina alanlaryň derejesi azyndan 80 göterime ýetse, koronowirus pandemiýasynyň 2022-nji ýylda gutarmagy ahmal. Bu hakda wirusolog Anatoliý Altşteýn aýdyp geçdi.
Öňräk bolsa immunalog, aşa howply infeksiýalar boýunça hünärmen Wladislaw Jemçugow pandemiýanyň 2022-nji ýylda gutarjakdygy hakda interwýu beripdi.
— Men hem bu ýyl pandemiýanyň köküne «palta urarys» diýen pikiriň tarapdary. Elbetde, waksina almak şert bilen. Eger biz sanjymdan peýdalanmasak, ol gijiger — diýip, Altşteýn gürrüň berdi.
Onuň pikirine görä, waksina almagyň derejesini 100 göterime ýetirmek mümkin däl. Ideal warýant — 90 göterim.
«TürkmenGazet».