Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «El hünari il gezer» ady bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirilýär.
Bu gezek teatr sahnasy amaly-haşam sungatynyň sergi zalyna öwrüldi, oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Halk sazy; orkestr saz gurallary; aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy; kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetlerinde okaýan gyzlara ýokary okuw mekdebiniň abraýyny goramak ynanyldy. Geljekki aýdymçylar we sazandalar, keşdeçiler, halyçylar, keçe basýanlar, örüjiler hökmünde diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem ýokary bahaly çeper önümleri döredýärler. Bäsleşige gatnaşýan gyzlar şol bir wagtyň özünde halk aýdymlaryndan we saz eserlerinden ybarat wokal konsertini hem guradylar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde gyzlara inženerlik, lukmançylyk, mugallymçylyk, artistlik we ş.m. ugurlardan bilim berýärler. Şonuň bilen birlikde olar çeper elli bolmaly, halk aýdymlaryny, gadymy rowaýatlary bilmeli. Türkmen zenany kärinde nähili belentlige galsa-da, ol milli medeniýetden habarly bolmalydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky döredijilik bäsleşigi milli medeniýetimiziň özboluşlulygyny berkitmäge ýardam edýär.
«TürkmenGazet».