Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin iki gatdan ybarat kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 32 sanysy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.
Täze jaýlar ýerli gurluşykçylar tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edildi. Olar otaglarynyň giňligi we ýagtylygy bilen tapawutlanyp, myhmanlara, çagalara, dynç almaklyga niýetlenen otaglardan, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen aşhanadan ybaratdyr. Täze ýylyň ilkinji aýynda birbada 32 maşgala jaý toýlaryny toýlady.
«TürkmenGazet».