
Egri tokaý 1930-njy ýyllaryň başynda döredildi. Goraghananyň meýdany takmynan, 1,8 gektara barabar. Elbetde, tebigy ýadygärlik bolany üçin döwlet tarapyndan goralýar.
Tokaýdaky 400 sany eglen agaçlaryň ählisi sosna agaçlarydyr. Olar, hakykatdan hem adatdan daşary görünýär. Fromerden, takmynan, 25-30 santimetr belentlikde egrilen agajyň sütüni birden demirgazyga tarap egilýär, soň bolsa ýaýy şekillendirip, öňki ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Egri tokaýdaky agaçlaryň hemmesi birmeňzeş. Bu sebite girmek diňe ýörite pasportlar bilen amala aşyrylýar. Bu agaçlary kesmek ýa-da başga bir zeper ýetirmek kanun tarapyndan gadagan edilen. Egri tokaýa gelýänleriň käbiriniň pikiriçe, ol ýerde guşlar we mör-möjekleriň sesi eşidilmeýär. Şeýle hem agaçlaryň beýikliginiň 15 metre golaýdygyny, bu döwrüň sosnalary üçin ýeterlik däldigini hem bellemelidiris. Şeýle standart däl beýiklige näme sebäp bolandygy hem belli däl. Käbirleri güýçli ýeliň agaçlary egrendigini, kimdir biri bolsa, ýörite mebel üçin ekilendigini aýdýar. Maglumatlaryň iň gyzyklysy — seleksioner adamlaryň azaşyp bilmejek tokaýyny ekmegi ýüregine düwdi, şonuň üçin hem ählisini demirgazyga egdi, emma ikinji jahan urşy bu pikiriň doly durmuşa geçirilmeginiň öňüni aldy. Beýlekiler bolsa temperaturanyň we çyglylygyň üýtgemeginiň agaçlaryň şeýle deformasiýasyna sebäp bolandygyny öňe sürýärler.
Bu agaçlaryň nädip şeýle görnüşi emele getirendigi däl-de, esasan onuň gözelligi we üýtgeşikligi adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Polşanyň Gryfino şäherinden geçseňiz, egri tokaýa hökman syýahat ediň we tebigatyň şeýle syrly ýeriniň gözelliginden lezzet alyň!
Röwşenbek ORUNOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.