Öýlenseň, hezil eken,
Sowular ekeni niçeme derdiň.
Ownujaklar bilen güýmenip ýörmän,
Ullakan bir derde sataşar gerden.
Öýlenseň, hezil eken,
It degenok telefonyň puluna.
Oňa derek jübiň ýukalyp kem-kem
Baryň-ýoguň sarp edersiň “gülüňe”.
Öýlenseň, hezil eken,
Ýitýär göreçleňde hantamaçylyk.
Sen dertden halassyň,
Gelniňde bolsa
Dörär gabanjaňlyk diýilýän gylyk.
Öýlenseň hezil eken,
Eşiklerňi ütük gädip ýörenok.
Ütük boýun bolýar başga bir ele,
Ejeňdenem igenç dadyp ýöreňok.
Öýlenseň hezil eken,
Agşam halys gitmäge ýer tapmasaň,
Ýarym litrligi goltugňa gysyp,
Nazarlabermeli gaýyn çatmasyn.
Öýlenseň hezil eken,
Indi “Öýlen!” diýip igenýänem ýok.
Aý, indi diýseler etjegmi bilýän,
Öýlenäýjek ýene.
Arman bolanok.
Öýlenseň hezil eken,
Saýhallanýar eken bolgusyz dostlar.
Azalýan bolgusyz dostlaryň bilen
Seýreklär bolmaly-bolmasyz tostlaň.
Öýlenseň hezil eken,
Duşuşjak derdiň ýok gijeden-gije.
Indi peýlemersiň, peýlenersiň sen,
Sypmarsyň sypjyklyk etseň-de näçe.
Öýlenseň hezil eken,
Arassasyň, ne arak, ne çilim bar.
Bar zatdan mahrumsyň,
Piňiňe däldir,
Esasy zat ýanyňda öz gülüň bar.
Agageldi ITALMAZOW.