Habarlar

Ýaşlaryň arasynda ylmy işler bäsleşigi yglan edildi

24-01-2022 / 10

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaşlar arasynda her ýyl geçirýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi.

Ýaş alymlaryň arasynda ylym işler boýunça bäsleşigine gatnaşmaga TYA-nyň, YGI-niň, senagat birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, uniwersitetleriň talyplary, magistraturanyň, aspiranturanyň we doktoranturanyň diňleýjileri, orta we ýörite orta mekdepleriň okuwçylary, şeýle hem işjeň ylmy iş bilen gyzyklanýan islendik hünärli ildeşlerimiz çagyrylýar.

Bäsleşige teklip ediljek ylmy işler üçin mowzuk gaty kän, esasy zat onuň wajyplygyny we islegliligini göz öňünde tutmakdyr. Teklip edilen mowzuklaryň arasynda: nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalary; molekulýar biologiýa, ekologiýa; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet we ş.m. bar. Lukmançylyk, ynsanperwerlik ylymlary we başga mowzuklarlar-da makuldyr. Bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzyň ýaş alymlaryny birleşdirjek bu bäsleşigiň diňe bir adatdan daşary gyzykly bolman, eýsem häzirki zaman ylmyny baýlaşdyrmak nukdaýnazaryndan öndürijilikli boljakdygy görünýär. Ýaşlaryň arasynda geçiriljek ylmy işler bäsleşiginiň netijeleri, 12-nji iýunda ýurdumyzda bellenýän Ylym gününde jemlener.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu